Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 30.05.2023
1271

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de EYR-niň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy türkmen-eýran gatnaşyklaryny ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we has ýokary derejelere çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri halkara giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde Merkezi Aziýanyň we oňa goňşy döwletleriň dünýäniň üns merkezindedigini belledi. Bu bolsa sebitiň ornunyň belli bir derejede ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýurtlarymyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebitimiz bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryň ýylsaýyn ýokarlanmagyna berk esasy bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň esasy meseleleriniň birine – sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň Hazar deňzi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, sebitdäki geosyýasy ýagdaýlarda belli bir derejede Hazar deňziniň faktory peýda bolup başlady, bu bolsa sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge borçlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen altynjy Hazar Sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow