Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 11.06.2023
1489

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we dostlukly ýurduň halkyna ajaýyp baýram — Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça yzygiderli pugtalanýan we ösýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr. Türkmenistanyň we Russiýanyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarly bolmagy umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň ähli halkyna bolsa rowaçlyk, ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow