Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 28.06.2023
2377

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzodany kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Täjigistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Wafo Alibek Niýatbekzoda möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edip, diplomatyň tagallalarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Biziň ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Däp bolşy ýaly, Täjigistan Türkmenistanyň ygtybarly dosty we hyzmatdaşy bolup durýar. Ýokary derejedäki saparlaryň yzygiderli guralmagy, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň gepleşikleriň, geňeşmeleriň netijesinde hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar we ösdürilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň golaýda Täjigistana bolan döwlet saparynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şol saparyň barşynda taraplaryň özara bähbitlere, sebit we dünýä derejesinde abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky syýasy dialogda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ulgamlary, şol sanda syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ulag we beýleki ulgamlary öz içine alýar. Biziň maksadymyz halklarymyzyň umumy abadançylygy üçin olaryň ählisi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekden we özara düşünişmegi pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Biz gatnaşyklarymyzy ösdürmekde gazanylýan üstünliklere buýsanýarys we geljege, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna uly umyt bilen garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzodany Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täjigistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, Wafo Alibek Niýatbekzodany Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow