Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy keramatly Mekge topragyna ugrady
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy keramatly Mekge topragyna ugrady
Çap edildi 29.06.2023
2232

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow haj parzynyň däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna sapar bilen ugrady.

Gahryman Arkadagymyz sapara ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy.

Diplomat, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy Gurban baýramy hem-de Arkadag şäheriniň açylyşy bilen mähirli gutlady we saparynyň şowly bolmagyny arzuw etdi. Şeýle-de ol Arkadagymyzyň zyýaratlarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli arzuw-dilegler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherine guralan sapara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gidýändigini belledi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geriminiň dürli ugurlar boýunça giňelýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Gahryman Arkadagymyz bu gezekki saparyň iki ýurduň halklarynyň milli gymmatlyklara we dünýä nusgalyk däp-dessurlara aýratyn sarpa goýýandygyny, asylly ýörelgeleriň dowamata atarylýandygyny görkezýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine tarap rowana boldy.

Ýolugra uçar Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň ýokarsyndan uçup geçdi. Hemmeler hajy Arkadagymyzyň zyýaratynyň kabul bolmagyny dileg etdiler.

Birnäçe wagtdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Milli Liderimizi Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň häkimi Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud hem-de beýleki resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen çaý başynda söhbet etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň resmi wekili Arkadagymyzy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny keramatly toprakda görýändigine örän şatdygyny nygtady we mukaddes Gurban baýramy bilen mübärekläp, zyýaratlaryň, beriljek sadakalaryň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi we onuň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hem-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow