Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 10.07.2023
1851

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz özbek Liderini Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň netijeleri Prezident Şawkat Mirziýoýewe we onuň alyp barýan döredijilikli syýasatyna bolan ählihalk ynamynyň aýdyň beýanydyr. Özbegistan Respublikasynyň Lideriniň parasatly baştutanlygynda dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady ösüş ýolunda ýokary netijeler gazanylýar we döwletiň halkara abraýy belende galýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda özbek Lideriniň ägirt uly şahsy goşandynyň bardygyny belledi.

Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýew giň ugurlary öz içine alýan we ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen nygtady. Şunda Özbegistanyň doganlyk Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi aýdyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak häsiýetine eýedigini bellediler. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlara, tekliplere özara goldaw berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürilýär, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de möhüm üns berilýär. Şeýle hem goňşy döwletleriň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow