Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 15.07.2023
2363

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Şunda Täjigistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Täjigistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen meýilleşdirilen syýasy geňeşmeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigini nygtap, saparyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan gatnaşyklar türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýär. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri geçen 30 ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürildi we häzirki wagtda-da yzygiderli pugtalandyrylýar. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy, pugta hukuk binýady döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklarynyň tassyklanandygyny hem-de ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi aýdyldy. Şeýle-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň syýasy-diplomatik ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri we bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň sebit, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki dostlukly ýurduň çemeleşmeleriniň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi bilen şertlendirilendigi nygtaldy. Şol binýat esasynda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň möhümdigi bellenildi we ýokary derejedäki duşuşyklaryň däp bolan hoşniýetlilik ýagdaýynda geçjekdigine, olaryň netijeleriniň bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Köpugurly türkmen-täjik hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady, medeniýet, bilim, ulag we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklara ünsi çekdi hem-de bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmak üçin mundan beýläk-de bilelikdäki işe taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow