Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Çap edildi 22.07.2023
2291

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2023-nji ýyl üçin meýilnamada kesgitlenen wezipeler, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň alty aýynda ÝUNESKO-nyň we onuň sebitleýin düzümleriniň wekilleri bilen köp sanly onlaýn duşuşyklar, maslahatlar hem-de geňeşmeler geçirildi. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna garaldy. Şeýle hem mejlisde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen dialogyň dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan, umumy taryhy köklere, ruhy gymmatlyklara eýe bolan halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekdäki orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçen ýyl geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň karary esasynda, Türkmenistanyň gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi.

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň hödürnamasyna laýyklykda, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri girizildi. Halkara kadalara laýyklykda, ÝUNESKO halkymyzyň milli gymmatlyklary hasaplanýan ahalteke bedewlerini seýislemek we türkmen alabaýlaryny köpeltmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri alyp barýar.

Şeýle hem Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak meselelerine garaldy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek we umumybilim berýän orta mekdepleri ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara toruna goşmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde ÝUNESKO klublary açyldy.

Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, şu döwürde bilelikdäki işiň netijeli häsiýete eýe bolandygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan ýurdumyzyň taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklaryny geljek nesiller üçin saklamak babatda oňyn tejribe toplanandygy nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny, şol sanda geljek ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň düzümine goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň bu düzümiň iri bölümlerinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary, sanly taslamalar boýunça mümkinçiliklerini giňeltmek, maglumatlary alyşmak ýaly wajyp mowzuklar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow