Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 24.07.2023
2244

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň milli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz özüniň özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Özbegistan ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki döwürde goňşy ýurtda halkyň abadançylygynyň, ýurduň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň däp bolan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, iki halkyň arasyndaky pugta doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklarda ösdürilýär. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär, halkara giňişlikdäki hereketler netijeli utgaşdyrylýar. Parlamentara gatnaşyklar hem täze ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Olaryň netijeli peýdalanylmagy iki tarapyň bähbidine hyzmat eder.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow