Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Çap edildi 04.08.2023
938

Şu gün paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, myhmanhananyň eýwanynda üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler we soňra «Bedewler» zalyna geçdiler. Bu ýerde ikitaraplaýyn gepleşikler boldy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşindäki ilkinji duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sammit köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de goňşy ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikir alyşmaga mümkinçilik döreder we däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de üçtaraplaýyn sammiti geçirmek başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanyň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän Bitarap Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar öňde boljak hem-de gün tertibine özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizilen türkmen-täjik-özbek duşuşygy babatda pikir alyşdylar we tutuş sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin goňşy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli türkmen-täjik dialogynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň garaýyşlarynyň ýakyn bolmagynyň, halkara giňişlikde birek-birege goldaw bermegiň goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlyk etmegine, doganlyk halklary gadymdan bäri baglanyşdyryp gelýän ynanyşmak we hormat goýmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, geçen onýyllyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Şu ýyl bolsa Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary däp bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Mälim bolşy ýaly, ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna, şol sanda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi. Jarnamada iki döwletiň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmegi maksat edinýändigi berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň öňüsyrasynda Duşenbe şäherinde möhüm wakalaryň bolup geçendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Türkmen-täjik işewürler maslahaty, bilelikdäki Işewürlik geňeşiniň birinji mejlisi, iki ýurduň eksport harytlarynyň sergisi hem-de döwletlerimiziň ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk bar.

Şu günki söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, Hökümet we pudak derejelerindäki hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesine ýokary baha berip, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň we hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ozal gazanylan hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň işi bu ugurdaky bilelikdäki tagallalaryň netijeli bolmagyna hyzmat etmelidir.

Umumy pikire görä, hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme hem-de ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklaryny aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän iki halkyň köpasyrlyk dostlugy täze taryhy eýýamda deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow