Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy
Çap edildi 04.08.2023
2362

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menzilinden gelýän ýoluň ugrunda ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän köpriniň ýanynda saklandy.

Gahryman Arkadagymyz köpriniň we ulag ýollarynyň ýakalarynda ornaşdyrylýan germewleri synlap, olaryň bezeg serişdelerine ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Aşgabadyň ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, degişli desgalaryň gurluşygyna we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, uly ýollaryň, köprüleriň yşyklandyrylyşyna we beýleki işlere aýratyn üns berilýär. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň goldamagynda bu ugurda amala aşyrylýan işler dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary derejesine çykandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek şähergurluşyk ulgamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň döwletimiziň ykdysady-syýasy taýdan ösüşiniň depginini, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini görkezip, paýtagtymyza gelýän myhmanlarda özüniň gözel keşbi bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny belledi. Şunda Aşgabadyň ekologik ýagdaýyny we arassaçylygyny saklamak bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Hormatly Arkadagymyz binalaryň we desgalaryň bezeglerine ünsi çekip hem-de bu işde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmalydygyny nygtap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna birnäçe tabşyryklary berdi. Bu işlerde öňdebaryjy tejribeler, täzeçil usullar işjeň ulanylmalydyr, serişdeleriň berkligine hem-de ýerli howa şertleriniň täsirine durnukly bolmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz ýol-ulag düzümine degişli birnäçe desgalaryň çyzgylaryny synlap, olara belliklerini aýtdy we düzedişleri girizdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýol germewlerinde behişdi bedewlerimiziň şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli bezegleriniň zerurdygyny, olaryň owadan we özboluşly bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň desgalarynyň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini aýtdy. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary paýtagtymyzyň agşamlaryny has owadan görnüşe getirýär. Şeýlelikde, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Ulag ýollarynyň, köprüleriň taslamalary işlenilip taýýarlanylanda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şeýle-de ekologik meselelere, ýollaryň ugrunda ekmek üçin bag nahallarynyň düýpli saýlanylyp alynmagyna, bu işlere alymlary çekmek arkaly topragyň ylmy taýdan öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow