Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 08.08.2023
2456

Onuň Alyhezreti, 

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Türkmenistanyň myhmansöýer, ajaýyp topragyna çakylygyňyz, şeýle hem maňa we Özbegistanyň wekiliýetine bildirilen ýokary hormat hem-de ýürekden kabul edilendigimiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Siziň bilen ýene-de bir gezek duşuşmak we dostlukly söhbetdeşligi geçirmek, ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmak mende uly kanagatlanma duýgusyny döretdi.

Ajaýyp döwlet we syýasy işgär hökmünde Siziň parasatly pikirleriňizdir maslahatlaryňyz, biziň ähli başlangyçlarymyzy yzygiderli goldamagyňyz örän gymmatlydyr. Aşgabatda Siziň bilen geçiren netijeli söhbetdeşligimiziň biziň dost-doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly we uzak möhletli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Şunuň bilen baglylykda, Siziň oýlanyşykly, giň gerimli özgertmeleriňiz netijesinde, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygyny, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Biziň doganlyk ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine hemişe üns berýändigiňize we bahasyna ýetip bolmajak goşandyňyza uly sarpa goýýaryn. Saparymyzyň dowamynda biz Siziň Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça başyny başlan strategik ýoluňyzyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdik.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky özara hormat goýmak we ynanyşmak ruhundaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga soňky ýyllarda goşýan aýratyn goşandyňyzy bellemek isleýärin. Bularyň ählisi biziň işjeň syýasy dialoglarymyzy hem-de sebitde konsultatiw duşuşyklaryň gurallaryny yzygiderli goldamak baradaky uly tagallalaryňyzda aýdyň beýanyny tapýar. Siziň başlangyjyňyz bilen ilkinji gezek geçirilen Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň döwletara hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynanýaryn.

Türkmen topragynda geçirilen gepleşiklerimiziň dowamynda biz sebitiň suw serişdelerini bilelikde we rejeli ulanmak, energetika ulgamynda umumy geljegimizi kesgitlemek, üstaşyr ulag kuwwatymyzy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdyk. Biziň bilermenlerimiziň, hünärmenlerimiziň gazanan ylalaşyklarymyzy iş ýüzünde doly durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamaga girişendiklerini aýratyn bellemek gerek. Sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen, doganlyk halklarymyzyň köpasyrlyk dostlugyny pugtalandyrmaga gönükdirilen hem-de biziň umumy meýillerimizi beýan edýän Bilelikdäki Beýannama ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň ýolunda möhüm taryhy waka boldy.

Gadyrly doganym! Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işiňizde täze üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow