Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 14.08.2023
1863

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Kaha Imnadzeni BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi bellenildi. Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit merkeziniň alyp barýan möhüm işiniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär hem-de dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda hem-de goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde Aşgabatda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilen gününden bäri geçen 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özüni häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän netijeli meýdança hökmünde görkezdi.

Jenap Kaha Imnadze hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebit merkeziniň işine berýän hemişelik goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň döredilmegine, netijeli syýasy-diplomatik dialogyň ilerledilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady. Diplomat ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine hem-de uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow