Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýada geçirilýän sport baýramçylygyna çagyryldy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýada geçirilýän sport baýramçylygyna çagyryldy
Çap edildi 19.08.2023
1633

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy.

“Her ýylyň 20-nji awgusty wengerleriň durmuşynda ähmiýetli sene hasaplanylýar. Milli senenamamyzyň bu möhüm gününde esaslandyryjy patyşamyz Keramatly Stefanyň gününi belleýäris. Şu ýyl bu baýram has-da özboluşlylygy bilen tapawutlanar. Wengriýa tutuş dünýäniň üns merkezinde bolar. Çünki Budapeştde 19 — 27-nji awgust aralygynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler” diýlip, hatda bellenilýär.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban çakylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny we onuň maşgalasyny täze Milli ýeňil atletika merkezinde mübäreklemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Bu ýerde erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyry geçiriler. Soňra Karmelitleriň ybadathanasynda dabaraly kabul edişlik bolar, şeýle hem Ýewropada iň şüweleňli feýerwerk guralar.

Dostlukly döwletiň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde hut özüniň mübäreklemek hormatyna eýe boljakdygyna tüýs ýürekden ynam bildirip, hormatly Arkadagymyza berk jan saglyk we döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow