Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi
Çap edildi 20.08.2023
3023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýada geçiriljek baýramçylyk we sport dabaralaryna gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk hatyny iberdi.

“Men bu çakylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň görkezijisi, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge berk syýasy erk-islegiň ýüze çykmasy hökmünde kabul edýärin.

Türkmenistan Ýewropa sebitinde Wengriýa möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýar. Häzirki tapgyrda döwletara gatnaşyklarymyzyň işjeň ösdürilýändigini hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek guwandyryjydyr.

Bu babatda Siziň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza itergi berýän möhüm tapgyr boldy. Açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde, şeýle hem Siziň bilen bolan duşuşygymyzda hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alşyldy. Saparyň netijeleri we gol çekilen ylalaşyklar gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmäge berk binýat hökmünde hyzmat etdi.

Häzirki döwürde sport hereketiniň halklary ýakynlaşdyrmakda, halkara raýdaşlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Budapeşt şäherinde Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede üstünlikli geçirmegiňizi arzuw edýärin. Goý, bu çempionat özüne çekijiligi we köp ajaýyp pursatlary bilen millionlarça janköýerleriň hakydasynda hemişelik galsyn!” diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli Premýer-ministr Wiktor Orbana we dostlukly ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi hem-de Wengriýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döwlet işinde üstünlikleri, Wengriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow