Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 31.08.2023
1979

Çuňňur hormatlanylýan 

Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.

Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Arkadagly Serdarymyz!

Giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen täze belentliklere barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler yzygiderli pugtalandyrylýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, milli bilim ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kadalaryň geriminiň giňeldilmegi, şeýle hem bilim işini dolandyrmagyň täze guramaçylyk esaslarynyň kesgitlenilmegi alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrýar.

Siz: «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip belleýärsiňiz. Täze taryhy döwürde sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdak özleşdirmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreleriň, ylmy-amaly forumlaryň geçirilmegi, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda institutlaryň täze, döwrebap binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda onlarça çagalar bagynyň, orta mekdepleriň açylmagy, 1-nji synpa okuwa barýan körpelere Arkadagly Serdarymyz, Siziň adyňyzdan «Bilimli» atly kompýuterleriň dabaraly ýagdaýda sowgat berilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyna uly üns berilýändigini, onuň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny görkezýär.

Hormatly Arkadagly Serdarymyz!

Siziň tagallaňyz bilen bilim babatda halkara derejede hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwletimiziň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar.

Türkmenistan bu babatda halkara guramalar, esasan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna 6 sany umumybilim berýän orta mekdebiň goşulmagy, ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde ÝUNESKO klublarynyň we ikisinde kafedralarynyň açylmagy, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň tassyklanylmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykýandygyny görkezýär.

Hormatly Arkadagly Serdarymyz!

Sizi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde belent maksatlara ruhlandyryp, uly arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Egsilmez ylham-joşgun paýlaýan bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow