Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Täze ýylyň öňüsyrasynda guralýan baýramçylyk konserti Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi
Medeniýet
Täze ýylyň öňüsyrasynda guralýan baýramçylyk konserti Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi
Çap edildi 17.12.2016
3163

Şu günler ýurdumyzyň we halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýän pursatlarynda paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli konsertler tapgyry geçrilýär. Bu gün Täze ýylyň öňüsyrasynda guralýan baýramçylyk konserti Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi. Hormatly Prezidentimiziň bagşlangyjy bilen her ýylda geçirilýän döredijilik baýramçylygy ýurdumyzda halkara derejesindäki medeni çäreleriň giň gerime eýe bolýandygyny äşgär edýär. Paýtagtymyzda guralan halkara medeni çäresi Täze ýylyň öň ýanyndaky pursatlarda özboluşly ruhy göterilişi emele getirdi. Meşhur estrada ýyldyzy bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik we sungata goýulýan sarpa we Türkmenistanda guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin sagbolsun aýtdy. Şeýle hem ol netijeli çykyş etmek, konsert maksatnamasyny taýýarlamak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigini aýratyn nygtap, munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny mälim etdi. Konsert maksatnamasyna nusgawy we häzirki zaman aýdymlary girizildi. Şeýle hem özbek estpada ýyldyzynyň hormatly Prezidentimiziň sözüne we sazyna döredilen “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy ýerine ýetirmegi has-da täsirli boldy. Şu pursatda konserte tomaşa edýänleriň şatlyk-şowhuny belende galyp, olaryň täsirli aýdyma bolan el çarpyşmalarynyň yzy üzülmedi. Aýdymlaryň ýürege ýakynlygy, estrada aýdymçysynyň ýerine ýetirijilik ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olar ýurdumyzda guuralýpn baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, ýörite Täze ýyl mynasybetli konsert maksatnamasyny taýýarlandygy üçin özbek estrada ýyldyzyna tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar. Aşgabatda baýramçylyk mynasybetli daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň çykyşlarynyň guralmagy, konsertlarda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň myhmanlar bilen bilelikdäki çykyşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Täze ýyl mynasybetli guralan konsertiň köpöwüşginli bolmagyny üpjün etdi. Bu bolsa halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda has-da möhümdir.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow