Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
Çap edildi 11.09.2023
2563

Mähriban Watanymyzyň
ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz bedew batly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy bilen başy başlanan, ýurdumyzy syýasy, ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Watanymyzyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilip, uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly binalar, bilim-terbiýeçilik edaralary, senagat-önümçilik toplumlary dabaraly ýagdaýda açylýar, täze desgalaryň gurluşygyna badalga berilýär. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň ulanmaga berilmegi ýaş nesilleriň kalbynda milli bagşyçylyk we sazçylyk sungatymyza söýgi döretmekde, ýaş bagşy-sazandalary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!

Häzirki döwürde türkmen medeniýeti we sungaty jemgyýetimiziň bitewüligini, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda medeni-ruhy galkynyşy döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, il içinden sungaty ösdürmäge höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly çuňňur many-mazmunly kitabynda türkmen halkynda aýdym-saz sungatynyň döreýşini Aşyk Aýdyň we Baba Gammar ýaly şahsyýetler bilen baglanyşdyrmagy milli sungatymyzyň taryhy kökleriniň gadymyýete uzaýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan döreýän joşgunly halk aýdym-sazlary toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr.

Mähriban bagşy-sazandalarymyz!

Biz häzirki döwürde halypa bagşy-sazandalarymyzdan miras galan milli bagşyçylyk we sazçylyk sungatymyza aýratyn buýsanýarys. Pürli Saryýew, Çary Täçmämmedow, Jepbar Hansähedow, Çary Gurbanow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Ata Ablyýew, Mäne Garaýew, Dörtguly Durdyýew, Gurbandurdy Jeňow, Hommat Jelilow, Nurjemal Adyýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Soltan Atanepesow, Aşyrmämmet Dawudow, Molla Çäkliýew, Sapar Bekiýew, Ilaman Annaýew, Akjagül Myradowa, Sülgün Meretgeldiýewa, Öwlüýäguly bagşy, Juma Wellekow, Haýytly Mämmetdurdyýew, Han Akyýew, Oraz Bagybekow, Agamyrat Ýagmyrow, Amannazar Ataýew ýaly başga-da ençeme ussat bagşy-sazandalar bagşyçylyk hem-de sazçylyk sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşdular. Ussat halypalardan miras galan aýdym-sazlarymyzy häzirki wagtda ýaş bagşy-sazandalar ezberlik bilen ýerine ýetirýärler.

Türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bagşyçylyk we sazçylyk sungatymyzyň halkara derejedäki ykrarnamasyna öwrüldi. Türkmen dutary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun alan milli baýlygymyzdyr. Halk aýdym-sazlary türkmen topragynyň mukaddesligini özünde jemleýän milli gymmatlygymyzdyr. Ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalary ussat halypalardan gelýän bagşyçylyk ýolumyzy mynasyp dowam etdirip, geljekde aýdym-saz sungatymyzyň has-da kämilleşmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar.

Gadyrly ýaş bagşy-sazandalar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda dabaraly geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, türkmen aýdym-saz sungatyny täze eserler bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow