Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 11.09.2023
2355

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, halklarymyzyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan Thyongyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli halkyna iberen mähirli salamyny, bagt we ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, şol sanda Wýetnam Sosialistik Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Ilçi Dang Min Khoý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy nyşanyna öwrülen ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylyşy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Netijeli gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde ösdürilýän türkmen-wýetnam hyzmatdaşlygynyň giň ugurlardaky meseleleri boýunça pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoý däp bolan dostlukly wýetnam-türkmen gatnaşyklaryny ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Wýetnam Sosialistik Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek maksady bilen, men jenap Dang Min Khoýy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Wo Wan THYONG,
Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow