Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, «Roskosmosyň» kosmonawtynyň gutlagy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, «Roskosmosyň» kosmonawtynyň gutlagy
Çap edildi 22.09.2023
1723

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda bolýan Oleg Kononenko wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Wideogutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär:

«Siziň Alyhezretiňiz, 

çuňňur hormatlanylýan 

Serdar Gurbangulyýewiç!

Men, «Roskosmosyň» kosmonawty, Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko. Doglan günüňiz mynasybetli Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Sizi şahsy tanamak, hemişe Siziň aladaňyzy we ünsüňizi duýup durmak, işime berýän ýokary bahaňyz meniň üçin uly hormatdyr.

Doglan günüňizde kosmos pudagynyň ösdürilmegine ýardam bermek üçin ähli tagallalarymy edýändigime we etjekdigime Sizi ynandyrmak isleýärin. Kosmos uçuşyna men ýanym bilen Siziň suratyňyzy, Türkmenistanyň baýdagyny we Siziň kakaňyz, çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäherine bagyşlanan kitaby aldym. Bu şäheriň açylmagy Türkmenistanyň tehnologik babatda ösüş derejesini tutuş dünýä äşgär etdi. Bu gymmatlyklar kosmosda meniň Türkmenistanyň we onuň halkynyň ykbaly bilen üýtgewsiz bitewüdigimi, aýrylmaz arabaglanyşygymy alamatlandyrar.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, häzirki wagtda Siziň baştutanlygyňyzda ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, daşary syýasatda, ylymda, medeniýetde, bilimde, sportda uly üstünlikleri gazanýan bu ajaýyp ýurtda doglandygyma diýseň buýsanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, möhüm we jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin! Doglan günüňiz gutly bolsun!».

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow