Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 25.09.2023
2691

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Size Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna barýan toýly günlerimizde Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we aýratyn tapawutlandyryş nyşanynyň — «Altyn Aý» altyn nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň täze taryhy döwrümizde yglan eden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäňize laýyklykda, öňde goýlan belent maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, berkarar Watanymyzyň dünýäde syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmünde ykrar edilmeginde möhüm orna eýedir. Siziň döwlet Baştutanynyň wezipesinde çekýän ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyz ýokary depginlerde ösýär we özgerýär, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu gazanylýan üstünlikler, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha artmagy Siziň döwlet Baştutanynyň wezipesinde alyp barýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatyňyzyň anyk beýany bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň gatnaşmagyňyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi merdana halkymyzyň gadymdan gelýän milli däplerine we demokratiýasyna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, Siziň çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşyňyzda öňde goýlan wezipeler halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaş nesilleriň bagtyýar geljegini üpjün etmek, ýurdumyzy gülledip ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkara abraýyny beýgeltmek boýunça öňe süren teklipleriňiziň ählisiniň raýatlarymyzyň bagtyýarlygyna, döwletimiziň berkararlygyna we ösüşlerine gönükdirilmegi ähli türkmen halkyny çuňňur buýsandyrdy.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda, nebitgaz, ulag-logistika toplumlaryny, oba hojalyk, gurluşyk we energetika pudaklaryny, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Bu işleri durmuşa geçirmekde ýaş nesillere uly ynam bildirilýär. Täze taryhy döwrümizde Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesil — ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinidir wesýetlerini dowam etdirijiler ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini düzýär. Olara Watanymyzyň we halkymyzyň geljekki ykbaly ynanylýar.

Hormatly Arkadagly Serdarymyz!

Siziň aýgytly hem-de ynamly ädimleriňiziň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk baýdagyny belentde parladyp, dost-doganlygyň aýdyň ýoly bilen özgertmeleriň ösüşli menzillerine tarap ynamly barýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny berkidip, berkarar döwletimiziň umumadamzat ähmiýetli taglymatlaryny dabaralandyrýar, merdana halkymyzyň abraý-mertebesini barha ýokarlandyrýar.

Hormatly Gahryman Prezidentimiz!

Asyrma-asyr aşyp gelýän asylly ýol-ýörelgelerimize laýyklykda, halkymyzda «Peder pendi paýhasdyr» diýilýär. Şoňa görä-de, Kyblamyzyň nygtaýşy, wesýet edişi ýaly, halkyňy söý! Halkyňy gora! Halkyňy syla! Eger-de gerek bolsa, halkyň üçin janyňy hem aýama!

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Size türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna barýan toýly günlerinde Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we aýratyn tapawutlandyryş nyşanynyň — «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we döredijilikli daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow