Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Çap edildi 26.09.2023
2669

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we şu baýramçylyk günlerinde doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna goşan saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýär.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de gutlaglarydyr hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň okgunly we netijeli häsiýetini belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, Tatarystan ýurdumyzyň has işjeň we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada düýpli pikir alşyldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti we “Tatneft”, “KER-Holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” kompaniýalary bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Rustam Minnihanow ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň seljermesini geçirýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistany we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny ynsanperwer ulgamda öňden gelýän netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Bu babatda ylym, bilim we medeniýet ugurlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy.

Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň wekiliýetleri, alymlary, medeniýet işgärleri ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlara, döredijilik festiwallaryna işjeň gatnaşýarlar.

Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň türkmen-tatar dostlugyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýene-de bir ädim boljakdygyna ynam bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

***

Şu gün Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherine baryp gördi. Tatarystanyň Baştutany ekologiýa, durmuş düzümine we binagärlik keşbine bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda gurlan ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji “akylly” şäheriň medeni merkezleri, ajaýyp ýerleri bilen tanyşdy.

Belent mertebeli myhman täze şäheriň ajaýyp binagärligine, ýerli gözel tebigat bilen sazlaşyk döreden binalaryň we desgalaryň özboluşlylygyna haýran galýandygyny aýtdy. Bu şäher okgunly ösýän, döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň täsin bezegine öwrüldi.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow