Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 26.09.2023
1650

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ýerde gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerine, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň abadanlaşdyrylmagynda möhüm orun eýelejek binalar toplumlarynyň, dürli maksatly desgalaryň otaglarynyň taslamalary bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen şekil taslamalary we binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi möhüm talap bolup durýar.

Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşyp, ýerine ýetirilýän işleriň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallygyny bildirip, Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän milli baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmana gutlaglary we Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, «Bouygues» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň milli şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmak, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Duşuşygyň dowamynda geljekki işler barada pikir alşyldy, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, fransuz kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döwlet ähmiýetli dürli taslamalary durmuşa geçirmek babatda «Bouygues» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesiniň uzak möhletli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, jenap Marten Buige berk jan saglyk, işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow