Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Cifal» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Cifal» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2023
1785

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Cifal» kompaniýasynyň prezidenti Žil Remini kabul etdi.

Işewür wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi. Žil Reminiň belleýşi ýaly, bu baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolmak uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Şunda Fransiýanyň we tutuş Ýewropanyň işewür toparlarynyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandyklary nygtaldy. Ýurdumyzda oňyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekleýändigine şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz işewüriň Aşgabada şu saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigini hem-de Türkmenistanyň Fransiýanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.

Ýurdumyz Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary çekmekde gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Döwlet Baştutanymyz özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen «Cifal» kompaniýasynyň ýurdumyzyň öňden gelýän dostudygyny kanagatlanma bilen aýdyp, soňky döwürde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny, iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde özara ynanyşmagyň ýola goýlandygyny belledi. Häzirki döwürde fransuz kompaniýalarynyň birnäçesi «Cifal» bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda Türkmenistanda gurluşyk, nebitgaz toplumynda, awiasiýa ulgamynda üstünlikli işleýärler.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, suw tygşytlaýjy we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak ulgamynda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şundan ugur alyp, türkmen tarapynyň fransuz kompaniýalarynyň gazananlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi we fransuz hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

«Cifal» kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Žil Remi ýolbaşçylyk edýän düzüminiň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk eýerjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda «Cifalyň» prezidenti wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow