Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 20.10.2023
1434

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri, hususan-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi. Şeýle-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi barada aýdyldy.

Dürli döwletleriň parlamentleri, iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Ýakynda Bangladeş Halk Respublikasynyň hem-de Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Deputatlar Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde, degişli döwlet düzümleri tarapyndan guralan çärelere, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna, BMG-niň Ilat gaznasynyň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” boýunça bilelikdäki maksatnamany işläp taýýarlamaga bagyşlanan duşuşyklaryna, Çagalar gaznasynyň “Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdylar. Mundan başga-da, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda kabul edilen kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny we wezipelerini ilata düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, kabul edilen kanunçylyk namalaryny halk köpçüligine düşündirmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, standartlaşdyrmak boýunça ygtyýarly edaranyň we onuň düzüm birlikleriniň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Bu ugurda amala aşyrylýan anyk çäreler olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, resminama dolanyşygyny çaltlandyrmaga, kadalaşdyryjy resminamalaryň elektron binýadyny netijeli ulanmaga, şeýle hem raýatlara, ýuridik şahslara, hususy telekeçilere edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Foruma daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatyň gün tertibine giň ugurlar — baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny, maýa goýum işlerini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklary we elektroenergetika, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek ýaly möhüm meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, nebitgaz senagatynyň ýeten derejelerini görkezmekde bu halkara maslahat we sergi uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle forumlar bu pudakda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary işjeň ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz bu halkara çärede daşary ýurt kompaniýalary bilen pudagy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip belledi we bu çäräniň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Welaýatlarda bugdaý ekişiniň dowam edýändigi, ekiş geçirilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de suw tutmak işleriniň geçirilýändigi barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, pagta hasylyny ýygnap almak we pagtaçylar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda guralmagynyň zerurdygyny belledi hem-de pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesine meýilleşdirilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Dabaralaryň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny, sergidir halkara ylmy maslahaty geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Mundan başga-da, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramyny belläp geçeris. Şu mynasybetli birnäçe çäreleri geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz bu baýramy ýokary derejede guramak üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilendigi barada habar berildi. Onuň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprülerini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Annamämmedowa we T.Atahallyýewe ýüzlenip, häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşýändigini, ak mermerli şäherimiziň döwrebap binalarynda we desgalarynda bagtyýar raýatlarymyz, şol sanda atşynaslarymyz, seýislerimiz üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagatynyň kärhanalarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma pudagynda hem ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda täze ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär, hereket edýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, pudagyň önümçilik kuwwaty artdyrylýar. Kuwwatly önümçilik infrastrukturasy we çig mal binýady bolan Türkmenistanyň dokma toplumy milli ykdysadyýetimizde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa önüm öndürýän täze kärhanalaryň gurluşygyna köp möçberde maýa goýumlaryň goýulmagy netijesinde pudagyň eksport mümkinçiligi artýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma senagatynyň özüniň ägirt uly serişde kuwwaty esasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudagynyň okgunly ösüşiniň nusgasyna öwrülendigini belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Wise-premýer “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak bilen birlikde, daşary ýurt bazarlarynda-da barha uly orun alýar. “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna” laýyklykda, milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.

Wise-premýer “Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna” laýyklykda, “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşany bilen ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak boýunça degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullady hem-de ol işlenip taýýarlanylanda, halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki zaman marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bu bäsleşigiň çäklerinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, “Çalsana, bagşy!”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” hem-de “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiklerini guramak meýilleşdirilýär.

“Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi hem-de bu bäsleşigi ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ussat medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň sarpasy belentde tutulýar. Meşhur türkmen kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 27-28-nji oktýabry günlerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Mukama siňen ömür” atly festiwalyň guralmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kompozitor Nury Halmämmedowyň eserleriniň ýokary ussatlygyň nusgasy bolup durýandygyny, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň sanawyna, dünýäniň saz sungatynyň hazynasyna hemişelik girendigini belledi hem-de bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Hususan-da, degişli teklipler öňe sürlüp, şolara laýyklykda, ýokarda ady agzalan forumy şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde sanly ulgam arkaly guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz XI Türkmen-german forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Giň ugurlary öz içine alýan Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasyna, şeýle hem onuň çäklerinde guralan ýokary derejeli maslahata gatnaşyp çykyş etdi hem-de ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň we başlangyçly orun eýeleýändigini tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygynyň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň jemleýji gününde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Onuň gün tertibine uzak möhlete gönükdirilip guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Şunda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň hem-de açyklygyň ýokary derejesi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Saparyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministri olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meseleleriniň Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň noýabr aýynda meýilleşdirilen nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ilkinji daşary ýurda saparymyzy HHR-e amala aşyrandygymyz bellärlikli ýagdaýdyr diýip aýtdy.

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki iri halkara hem-de sebit guramalarynyň ugry boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky döwletara dialog täze ösüşe eýe boldy. Şunda hem Türkmenistan başlangyçly orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna şu hepdede amala aşyran iş saparynyň jemlerine hem ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde guralan ýokary derejeli maslahatda çykyş edip, ýurdumyzyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde ösdürmek boýunça yzygiderli işleri dowam etdirmegi tabşyryp, bu komitetiň işiniň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine hem-de anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilmelidigini aýtdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna meýilleşdirilen resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Geçen ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda ulag düzümlerini, sebit hem-de dünýä ähmiýetli üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara ölçeglere laýyk gelýän, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ugurdaş multimodal düzümler döredilýär. Şolaryň hatarynda dürli görnüşli howa gämilerini kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklary, iň täze tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan howa menzilleriniň toplumlary bar.

Raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar, täzeleri gurulýar. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Halkara howa menzillerinde döredilen häzirki zaman şertleri dürli daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýär we bu ugurda hödürlenýän hyzmatlardan peýdalanmaga isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan ýurdumyzyň howa menzillerinde uçarlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara howa menzillerinde uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini üpjün etmek üçin bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak baradaky teklibi makullady hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda talabalaýyk işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.06
Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
14.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
14.06
Saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär
14.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
13.06
Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady
13.06
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
12.06
Ylym — Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň binýady
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow