Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 03.11.2023
2268

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň biziň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, doganlyk Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýardam berýän iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak türk kompaniýasy üçin uly hormatdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine dostlukly döwletiň kompaniýalarynyň, şol sanda «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyzyň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolandygy bellenildi.

Işewüriň nygtaýşy ýaly, giň halkara seslenmä eýe bolan bu sapar hem-de Ankara şäherinde geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahaty Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri üçin möhüm waka boldy. Olar biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de şu maksat bilen, öz kuwwatlyklaryny işjeň herekete getirmäge gyzyklanmalaryny beýan edýärler.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda işewür kompaniýa ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berdi.

Şu günki geçirilen wakalaryň — energetika we durmuş maksatly täze desgalaryň ulanmaga berilmeginiň hem-de düýbüniň tutulmagynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu çäreleriň ýurdumyzyň uly ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Watanymyzy gülledip ösdürmek we halkymyzyň abadançylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak olary durmuşa geçirmegiň baş maksadydyr. Şunda Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilmeginiň many-mazmuny jemlenendir.

«Çalik Holding» kompaniýalar topary üçin ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň uly mertebedigini aýdyp, Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza öz ýolbaşçylyk edýän holdingine täze iri taslamanyň — kuwwaty 1574 megawata deň bolan häzirki zaman utgaşykly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür türk hyzmatdaşlarynyň geljekde-de öz üstlerine alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdiklerine, ähli işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow