Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi
Çap edildi 08.11.2023
1243

Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak ýörelgelerine eýermek bilen, bu däpleri nesilden-nesle geçirip gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp, Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan şu ýylyň noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, şol sanda çagalar üçin ýörite egin-eşiklerden, ýorgan-düşeklerden, aýakgaplardan, azyk önümlerinden we beýleki harytlardan ybaratdyr.

Dost-doganlyk, goldawa mätäçlere duýgudaşlyk bildirmek hem-de kömek etmek milletimiziň ynsanperwer ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegidir. Şunuň ýaly ynsanperwerlik kömegi çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen adamlar üçin ruhy daýanja öwrülýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň binýadynda türkmen halkynyň asylly, ynsanperwer gymmatlyklary durandyr.

Gazna esaslandyrylan pursadyndan bäri iş ugurlaryny yzygiderli giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýär. Çagalar, olaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi barada hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň esasy maksady diňe bir ýaş türkmenistanlylary däl, eýsem, zerurlyk bolan ýagdaýynda beýleki ýurtlaryň çagalaryny hem goldamakdan ybaratdyr. Çünki ýaş nesil biziň geljegimizdir. Gazna tarapyndan birnäçe döwletleriň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şeýlelikde, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam berýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Bu ugur özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak esasynda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ulgamda öňe sürýän asylly başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giňden makullamagyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolýar. Türkmenistan ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz eýermek bilen, kynçylykly döwürlerde kömege we goldawa mätäçlere hemişe dostluk goluny uzatmaga taýýardyr. Bularyň ählisi Watanymyzyň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň belent taglymlaryna ygrarlydygynyň, öz döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýandygynyň beýanydyr.

Soňky habarlar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
28.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.07
Medeniýetleriň we eýýamlaryň dialogy «Miras» žurnalynyň sahypalarynda
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
top-arrow