Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
Çap edildi 11.11.2023
2197

Eziz watandaşlar!

Edermen daýhanlar!

Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Daýhanlarymyzyň çekýän yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, azyk howpsuzlygy üpjün edilýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýän häzirki ajaýyp döwrümizde bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir.

Häzirki döwürde uly maksatlary nazarlaýan maksatnamalaýyn işler esasynda ata Watanymyzda däneli ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Merdana oba zähmetkeşleri!

Berkarar Watanymyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy önüm öndürijiler üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, oba hojalygyna ylmyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge uly şertleri döredýär. Türkmen topragynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge giň mümkinçilik berýär.

Biz oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleri döredýäris. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny we gurallaryny yzygiderli satyn alýarys. Daýhanlary topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edýäris. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirýäris. Merdana oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler. Sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ykdysady taýdan ýeňillikleriň döredilmegi we olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bereketli türkmen topragyndan ýokary hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler dörediler.

Edermen hasyl ussatlary!

Eziz watandaşlar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sahawatly türkmen topragynyň berekedi egsilmesin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow