Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 13.11.2023
1318

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, bugdaý meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatda mallaryň baş sanyny artdyrmak, gyş möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen, mallaryň gyşladyljak ýerleri abatlanylyp, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlary döredilýär. Şunuň bilen birlikde, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmelidigini belledi hem-de welaýatyň meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almagyň depgininiň ýokarlandyrylmagy, bugdaýa edilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi.

Häkim, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ýurdumyzda Hasyl toýunyň uludan toýlanylýan günlerinde Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary tarapyndan welaýat boýunça 16 müň tonnadan gowrak pagta hasylynyň öndürilip, pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary hem-de welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň we daýhanlarynyň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza şeýle sepgitlere ýetmekde döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini ýetirdi. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary depginlerde ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdyp, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde häzirki wagtda-da pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak, mallary ýyly, dok gyşlatmak üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlaryny bu zähmet üstünligi bilen gutlady hem-de ýurdumyzyň oba hojalykçylary üçin döwletimiz tarapyndan mundan beýläk-de giň mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, pagta meýdanlarynda bar bolan hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilýän pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda talabalaýyk saklamak hem-de ýokary hilli gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler dowam edýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, daýhanlar zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsüminde mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy üçin ýeterlik mukdarda ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pagta ýygymynyň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, welaýatyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, şaly oragynyň guramaçylykly alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygymda kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan pagta hasylyny pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda endigan gögeriş almak üçin ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyş paslynda ýyly we dok saklamak maksady bilen, ýeterlik mukdarda ot-iým goruny taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we pagta hasylyny ýygnamagyň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, ýetişdirilen hasylyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, şaly oragynyň guramaçylykly we bökdençsiz geçirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň pagta meýdanlarynda bar bolan hasyly soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyndaky özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnamak işleri dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş nokatlarynda gündelik bökdençsiz kabul edilýär, şeýle hem gant şugundyryny gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak boýunça-da degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda mallaryň gyş möwsümi üçin ätiýaçlyk ot-iýmleri, gyşladyljak ýerleri taýýar edildi. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginlerini güýçlendirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek, gant şugundyryny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak işlerini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Ilki bilen, wise-premýer uly dabaralara beslenen Hasyl toýuny giňden bellemäge döreden mümkinçilikleri hem-de Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athanany gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize oba hojalyk toplumynyň we ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan hoşallygyny beýan etdi, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly harmanhanalarda kabul etmek we talabalaýyk saklamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek hem-de tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edýär, Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnap almak işleri geçirilýär.

Mundan başga-da, wise-premýer ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda bar bolan mallary gyş paslynda ýyly we dok gyşlatmak maksady bilen, bu hojalyklarda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.06
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
25.06
Türkmenistanyň Prezidenti Surinam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
24.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy
24.06
Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär
24.06
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün
23.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
23.06
Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär
22.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
top-arrow