Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi
Çap edildi 17.11.2023
2723

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de däp bolan, okgunly ösýän dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň netijeli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz BAE-niň energetika we infrastruktura ministriniň şu gezekki saparynyň, onuň türkmen kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda uzak möhletlilik, özara bähbitlilik häsiýetine eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň dost-doganlygyň berk esaslaryna, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanyp, barha ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan we BAE Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýärler.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maliýe, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýangyç-energetika pudagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandy. Baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurtdaky hyzmatdaşlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunda türkmen tarapynyň BAE-niň işewür düzümleriniň wekilleri bilen netijeli pikir alyşmaga, olaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
28.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.07
Medeniýetleriň we eýýamlaryň dialogy «Miras» žurnalynyň sahypalarynda
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
top-arrow