Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 27.11.2023
1449

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Niderlandlar Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek bilen, oňyn häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi babatda ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Nikolaas Ýakob Shermers halkara giňişlikde oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomata Mejlisiň gurluşy we alyp barýan işleri, onuň ýurdumyzda amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriň, toplumlaýyn maksatnamalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şunda Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda soňky döwürde oňyn ösüşe eýe bolan ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki tarapyň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Nikolaas Ýakob Shermersi Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Shermersiň ýokary şahsy häsiýetleri özüne bildirilen ynama we Siziň makullamagyňyza mynasyp boljakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size uly hormat goýýandygym we dostluk baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

WILLEM-ALEKSANDR,

Niderlandlaryň Patyşasy.

Soňky habarlar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
28.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.07
Medeniýetleriň we eýýamlaryň dialogy «Miras» žurnalynyň sahypalarynda
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
top-arrow