Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 29.11.2023
524

Onuň Alyhezreti, 

türkmen halkynyň Milli Lideri, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň beýik başlangyçlaryňyz esasynda ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary derejede, örän guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de, türkmen halkynyň dünýäde ykrar edilen Milli Lideri, Siziň Alyhezretiňize alyp barýan öňdengörüjilikli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyňyz baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi tüýs ýürekden haýyş edýärin! Dünýä jemgyýetçiliginde halkara sport baýramçylygy hökmünde uly seslenme döreden bu dünýä çempionatynyň nusgalyk derejede geçirilendigi hem-de ýokary myhmansöýerlik bilen kabul edilendigim üçin Siziň Alyhezretiňize çuňňur hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň!

Türkmen halkynyň Gahryman Lideri!

Siziň beýik başlangyçlaryňyz bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny we beýleki iri halkara ýaryşlary geçirmekde Türkmenistanda baý tejribe toplandy. Şol tejribelerden ugur alnyp, Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty örän iri sport çärelerini ýokary derejede guraýan hem-de geçirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny nobatdaky gezek has-da dabaralandyrdy. Millionlarça adamyň we janköýerleriň göni ýaýlym arkaly uly höwes bilen tomaşa eden gyzgalaňly tutluşyklary Türkmenistanyň adamzadyň hem-de sport diplomatiýasynyň belent taglymlaryna, ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek bütin dünýä äşgär etdi. Kuraş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň bu dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medaly gazanmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bu ýaryşy geçirmek üçin türkmen tarapynyň iň amatly şertleri döredendigi, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny ýaryşlara taýýarlandygy, sportuň kuraş görnüşini ösdürmäge goşan ägirt uly goşantlaryňyz we goldawlaryňyz üçin Halkara kuraş assosiasiýasynyň adyndan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Size hem-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirýäris! Türkmenistan diňe bir halkara ýaryşyň guramaçysy hökmünde däl-de, türgenleri ýokary derejede taýýarlamakda-da örän jogapkärli çemeleşendigini bütin dünýä äşgär etdi. Munuň özi kuraş sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak täze sahypadyr. Dostlugyň we hoşniýetliligiň özboluşly belent senasyna öwrülen bu dünýä çempionaty maňa hem-de oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýatdan çykmajak iň şatlykly pursatlary bagyşlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri!

Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde, Türkmenistanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Bu gün Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Siziň alyp barýan işleriňiz esasynda dünýäniň sport hereketine üstünlikli goşulyşýan, halkara sport giňişliginde täze ýeňişleri gazanýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki mertebesi has-da beýgelýär. Men Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere örän ýokary baha berýärin. Şu dabaraly pursatlarda Gudraty Güýçli Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti

Haýder Farman.

Soňky habarlar
20.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
20.02
Döredijilikli syýasat we netijeli hyzmatdaşlyk — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti
19.02
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
19.02
Türkmenistanda Meksikanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
19.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 563 müň dollaryndan gowrak boldy
18.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
18.02
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy
17.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
16.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow