Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 08.12.2023
1957

Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli we umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäňiz bagtyýarlygyň, berkararlygyň mukamy bolup belentden ýaňlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her bir raýaty bagtyýar, bolelin, abadan durmuşda ýaşaýar. Siziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyňyz ähli sebitleri gurşap alýan hem-de ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýar. Täze taryhy döwrümizde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça mundan beýläk-de giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge gyzyklanmasy bilen şertlenendir. Bitarap Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklarynyň çäklerinde onuň düzüm birlikleri bilen hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýurdumyzyň dürli ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagy Siziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyňyzyň aýdyň netijesidir. Ol döwletimiziň dünýä giňişligindäki belent abraýyny hem-de Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge, sebitleýin we ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Jebisligiň goýnunda bagtyýarlygyň eşretini görüp, röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkynyň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin döwlet tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda kabul edilen Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti Siziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyňyz esasynda ýurdumyzda adam ösüşine, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda raýatlaryň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň we durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine uly üns berlip, köp çagaly maşgalalara goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam etdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi, iş orunlarynyň döredilmegi durmuş meselelerini çözmek üçin ýurdumyzda berk maddy binýadyň döredilendigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Netijede, ilatyň ykdysady işjeňligi artýar we ösüş depginleri barha ýokary derejä eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna nobatdaky gezek saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow