Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi
Çap edildi 11.12.2023
2175

Şu gün paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar.

Toparyň 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda oňa 25 döwlet goşuldy. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Şu gezekki mejlise gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Olar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ösüşiniň meýillerini göz öňünde tutmak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Aşgabatda Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri, Bitaraplygyň dostlary toparynyň orny we goşandy bilen baglanyşykly pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlary durnuklylaşdyrmaga, köp sanly syýasy, ykdysady, ynsanperwer hem-de ekologik meseleler çözülende döwletleriň, şeýle hem halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynyň mazmunyna hem-de ugurlaryna oňyn täsir edýän gural hökmünde özüni barha işjeň görkezýär. Birleşen Milletler Guramasy bolsa parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen açyk, yzygiderli, netijeli gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar. Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini jemgyýetde, gündelik durmuşda ilerletmek bilen, bu düşünjeleri daşary syýasat strategiýasynda işjeň ulanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Bitaraplygy türkmen halkynyň iň asylly häsiýetleriniň beýany bolup durýar.

Mejlisde Bitaraplyk syýasatynyň sebitiň ähli ugurlar boýunça häzirki zaman dünýä ösüşine tiz wagtda goşulyşmagyna ýardam berýändigi, syýasy nukdaýnazardan, Merkezi Aziýanyň durnukly ösýän, netijeli ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylýan sebitine öwrülmegine goşant goşýandygy-da nygtaldy. Bitaraplyk bu maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň iň amatly nusgasyna, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mazmunynyň has sazlaşykly häsiýete eýe bolýan görnüşine öwrüldi.

Çykyş edenler şu gezekki duşuşygyň bu ugurda gazanylan tejribäni we netijeleri giňişleýin hem-de hemmetaraplaýyn maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik berýändigini, halkara durmuşyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze, has täsirli gurallaryny işläp düzmek üçin şertleri döredýändigini bellediler. Munuň özi geljekde-de ýurtlaryň arasyndaky özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkitmäge goldaw berer, öňde duran ählumumy maksatlaryň we wezipeleriň esasynda, mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döreder.

Soňky habarlar
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
top-arrow