Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 31.12.2023
2147

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýylda Size we Siziň ýurduňyza parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Frank-Walter Ştaýnmaýer,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Polýak halkynyň adyndan we hut öz adymdan, Täze ýyl mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, 2024-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarymyz, halkara giňişlikdäki netijeli hyzmatdaşlygymyz mundan beýläk-de ösdürilsin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Anjeý Duda,

Polşa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

2023-nji ýyl halkara gün tertibiniň möhüm wakalaryna baý boldy we islendik kynçylygy bilelikde ýeňip geçmegiň mümkindigini subut etdi.

2024-nji ýylda Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklary dowam etdirjekdigimize, döwletlerimiziň dürli formatlardaky hyzmatdaşlygynda oňyn netijeleri gazanjakdygymyza tüýs ýürekden ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, öňde goýan ähli maksatlaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we durnuklylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny täze — 2024-nji ýyl bilen gutlaýaryn.

2023-nji ýylda gyrgyz-türkmen, hususan-da, medeni-ynsanperwer we energetika ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylandygyny bellemek ýakymlydyr. Biziň ýurtlarymyz halkara guramalaryň çäklerindäki köptaraplaýyn meýdançalarda hem birek-biregi işjeň goldady. Täze ýylda bilelikdäki tagallalarymyz bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ösdürilmeginiň dowam etdiriljekdigine, dürli ulgamlardaky täze taslamalar bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde gapma-garşylyklaryň aradan aýrylmagynyň, dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň dabaralanmagynyň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk dileýärin.

Seýed Ebrahim Raisi,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymy, şeýle-de Siziň iberen Täze ýyl gutlagyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Täze ýylda Size berk jan saglyk, üstünlik, dünýäniň ähli halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk dileýärin.

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow