Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
Çap edildi 25.01.2024
2205

Pudaklaryň durnukly ösmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle ugurlaryň biri hem gurluşyk-senagat toplumydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bu topluma aýratyn ähmiýet berilýär. Gurluşyk toplumyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, Diýarymyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda amala aşyrylýan netijeli işler şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde her ýyl önümçilik, durmuş, medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk, sport merkezleri, iri we kiçi senagat kärhanalary gurulýar we durky täzelenilýär. Bu babatda syn berilýän 2023-nji ýyl Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany ýazdy.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen 2023-nji ýyl Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen bu şäher diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de ilkinji “akylly” şäherdir. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan ajaýyp şäher türkmen topragynyň gadymy künjekleriniň birinde — ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynyň başlanýan ýerinde bina edildi. Bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Durmuş ugurly bu syýasat Diýarymyzyň innowasion esasda hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny maksat edinýär.

Keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň hem-de binagärlik, bezeg babatda häzirki zaman meýilleriniň sazlaşykly utgaşýan täze şäheriň açylyş dabarasy 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Arkadag şäherine BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, beýleki halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň we belli kompaniýalarynyň sylaglarynyň 20-den gowragynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen täsin şäheri gurmak boýunça ýerine ýetirilen ägirt uly işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. “Akylly” şäheriň durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyryldy. Onda ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berlip, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Gurluşygyň tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň we edara binalarynyň 336-sy gurlup ulanmaga berildi. Olaryň gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar çekildi. Innowasion şäher gurluşygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen bu täsin şäherde häzirki zaman maglumat tehnologiýalary we adaty bolmadyk binagärlik çözgütleri oýlanyşykly peýdalanylypdyr. “Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli enjamlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.

Arkadag şäheriniň gurluşygy, onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlar düzümi üçin nazary bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini, pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrülendigini bellemelidiris. Şeýle hem bu ýerde halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalary bina edildi. Şolaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, saglyk öýi we beýlekiler bar. Ilatyň saglygyny berkitmek işinde aýratyn ähmiýeti bolan sport desgalarynyň gurluşygyna hem uly üns berildi. Şäherde degişli enjamlardyr düzümler bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumy, sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion guruldy. Bu ýerde sportuň futbol, woleýbol, basketbol, uly we stol üstündäki tennis, agyr we ýeňil atletika, gimnastika, gylyçlaşmak, küşt, şaşka, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi.

Şäher durmuşynyň ruhy-medeni tarapyna hem möhüm ähmiýet berildi. «Akylly» şäheriň ajaýyp künjekleriniň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem döredildi. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini seýislemegiň köpasyrlyk däpleriniň özboluşly dowamatyna öwrülen bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenler eýýäm taýýarlanyp başlandy.

Ajaýyp görnüşe eýe bolan «Arkadag Binasynda» ýelden ýüwrük ahalteke bedewiniň üstünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň keşbiniň janlandyrylmagy tötänden däldir. Bu bina täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň belent sepgitlere tarap maksada okgunlylygyny şöhlelendirýär. Şäheriň merkezi seýilgähinde bina edilen ýadygärligiň umumy beýikligi 43 metre deňdir. Arkadag şäherinde halkara ülňülere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir.

Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň taslamasynda we gurluşygynda bilim-terbiýeçilik, umuman, ýaş nesilleriň irki döwürden sazlaşykly ösüp kemala gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Bu ýerde gurlan degişli desgalar şeýle möhüm ugurda öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilendir. Döwrebap çagalar baglarynda ýaş nesliň aýdym-saz, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, zähmet endiklerini ele almaklary üçin iň oňaýly şertler döredilipdir. 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumy bilim ulgamyna bildirilýän häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ol mekdebe çenli we mekdep bölümlerini, iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän üç sany ýöriteleşdirilen mekdebi özüne birleşdirýär. Şeýle hem şäherde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi ýerleşip, olarda dürli saz gurallarynda, şol sanda milli saz gurallarda saz çalmagy öwrenmek, aýdym aýtmak, tans etmek, bagşyçylyk sungatyny özleşdirmek, sazyň taryhyny we nazaryýetini, dirižýorçylyk sungatyny ele almak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Arkadag şäheriniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara saýlap alan hünärleri boýunça döwrebap bilim almaga mümkinçilik berýär. Bilim ulgamyna degişli bu edaralaryň ählisi Bilimler we talyp ýaşlar gününe beslenen altyn güýzüň ilkinji gününde öz gapylaryny açdy.

Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň sebitlerinde hem birnäçe binagärlik desgalary — döwrebap mekdepler we çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilimiň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsi boldy.

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakasy boldy. Ýokary okuw mekdebinde alnan bilimleri has-da çuňlaşdyrmaga ýöriteleşen bu bilim ojagynyň düzüminde iki fakultet — döwlet dolandyryş hem-de hünär ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Täze toplumda diňleýjileriň netijeli okamagy, mugallymlaryň talabalaýyk işlemegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin oňaýly şertler döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna iki sany halkara şahadatnamanyň — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “DUISBURG ESSEN” uniwersitetiniň “Iň gowy binagärlik” şahadatnamasynyň hem-de Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy baradaky şahadatnamasynyň gowşurylmagy hem bellärliklidir. Döwlet gullugy akademiýasynyň ajaýyp binalar toplumy dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýan ak mermerli paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýar.

Gün-günden gözel keşbe girýän Aşgabat ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň üstünlikleriniň aýdyň nyşanydyr. Tutuş ýurdumyz boýunça gurulýan döwrebap saglygy goraýyş merkezleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýakyn döwürde şeýle desgalaryň hataryna Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň täze binalary hem goşular. Olaryň gurluşyklaryna 2023-nji ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berildi. Paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Aşgabatda 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň gurluşygyna girişildi.

Ýurdumyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmek bilen bir hatarda, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Bu maksatnama ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini, oňaýly dynç almagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, Watanymyzyň ähli künjeklerinde täze, döwrebap obalar gurulýar. Munuň özi obalaryň häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hem-de şäherlerdäkiden birjik-de kem bolmadyk ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulyp abadanlaşdyrylmagyna jogapkärli çemeleşilýändiginiň özboluşly görkezijisidir.

Her ýyl geçirilýän iri halkara sergiler giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň gazananlary, şäherleriň hem-de sebitleriň ýaşaýyş-durmuşyny has oňaýly ýagdaýda guramaga gönükdirilip ulanylýan innowasion tehnologiýalar, türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty bilen tanyşdyrýar. Bu ugurda däp boýunça Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergä aýratyn orun degişlidir. Syn berilýän ýylyň 24-25-nji maýynda geçirilen giň gerimli sergä daşary ýurt kompaniýalarynyň köp sanlysy gatnaşyp, ol hususan-da, gurluşyk pudagynda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde iň täze innowasion işläp taýýarlamalaryň hem-de tehnologiýalaryň iş ýüzünde peýdalanylyşynda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne taslamalaryň giň gerimliligi mahsusdyr. Köp gatly ajaýyp binalar gurulýar, şäherlerde täze ýaşaýyş toplumlary, iri ilatly nokatlar, uzak aralyklara awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig malyň binýadynda olaryň önümçiliginiň ösdürilmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

Döwlet Baştutanymyz täze gurulýan desgalaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, türkmen topragynyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda hereket edýän önümçilikleriň tehniki we ykdysady taýdan durnuklylygyny üpjün etmäge, olaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze zawoddyr kärhanalaryň döredilmegine gönükdirilen işler alnyp barylýar.

Awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna uly möçberde serişdeler goýberilýär. Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň, şol sanda awtobanlaryň, köprüleriň, köpzolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň, ýollaryň ugurlaryndaky köpderejeli çatryklaryň gurluşyklaryna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň fewralynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň döredilendigini bellemelidiris. Häzirki wagtda täze awtomobil ýollaryny gurmak hem-de ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar döwrebap ulag-logistika ulgamyny döretmäge, yklymda möhüm üstaşyr ulag geçelgesine öwrülen döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa senagatynyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdeleri doly ulanmaga gönükdirilendir. Bar bolan ägirt uly çig mal binýadyny hasaba almak bilen, içerki sarp edijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek we ýurdumyzyň oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak üçin önümçiligiň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ugurdaş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we olaryň işini sanlylaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, himiýa senagatyny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda yhlasly zähmet çekýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga-da uly üns berilýär. Geçen ýylyň noýabrynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde durmuş ugurly täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Gyýanly şäherçesiniň täze ýaşaýyş toplumynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlary, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy we söwda-dynç alyş merkezi gurlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, günbatar sebitde hem giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Öňde goýlan wezipeleri, şol sanda halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun berilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi. Bu işler ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Diýarymyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça giň möçberli taslama üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň durmuşa geçirilmegi şäherleri we obalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berer. Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy etrabynda täze energetika desgasynyň — gaz we bug dolanyşygynda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli geçirilen dabaradaky çykyşynda elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barlyp, uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi. Taslama laýyklykda, täze elektrik stansiýasynda 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalary hereket eder. Olaryň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Ol ýurdumyzda kuwwaty boýunça ikinji elektrik stansiýasy bolar we Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder.

Utgaşykly işleýän gaz-bug aýlanyşygy ýokary peýdaly iş koeffisienti bilen tapawutlanýan elektrik energiýasynyň önümçiliginiň täze görnüşidir. Onuň binýatlaýyn esasy gaz turbinasynda ýakylýan ýangyjyň täsirinde ýokary temperaturada döreýän galyndyny bug turbinasynda netijeli ulanmagyň hasabyna goşmaça elektrik energiýasyny öndürmekde jemlenýär. Bu döwrebap tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi ösdürmek nukdaýnazaryndan wajyp bolup, elektrik energiýasy öndürilende sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Täze elektrik stansiýasynda ähli önümçilik işi sanly ulgam arkaly awtomatlaşdyrylyp, dolandyryş merkezine birikdiriler. Bu bolsa önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün eder.

Bu ýerde öndürilen elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna ibermäge mümkinçilik dörär. Mälim bolşy ýaly, halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi.

Umuman, Türkmenistanda bitewi energiýa halkasynyň döredilmegi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň energetika ulgamlarynyň arasyndaky özara ätiýaçlandyryşa mümkinçilik berer. Munuň özi ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny berkidip, onuň kuwwatlylygynyň ätiýaçlyk gorlaryny yzygiderli artdyrmaga, zerur bolan wagtynda elektrik energiýasyny degişli ugurlara paýlamaga şert döreder. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzydyr welaýatlary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen, onuň beýleki döwletlere eksportynyň möçberini artdyrmaga hem ýardam eder.

Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi ýurdumyzyň bitewi energiýa halkasyny döretmekde nobatdaky tapgyr boldy. Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri sanly ulgam arkaly Türkmenbaşy etrabynda utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşan döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän hemişelik ünsi, netijeli zähmet çekmäge döredýän mümkinçilikleri üçin pudagyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda sanly ulgam arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) hünärmenleri hem çykyş etdiler. Şol gün toplumyň çäklerinde elektrik energiýasyny öndürýän iki sany täze gaz turbina desgasy ulanmaga berildi. Olaryň umumy taslama kuwwaty 70 megawat sagada deňdir. TNGIZT-niň çäginde üstünlikli durmuşa geçirilen energetika taslamasyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Gaz we bug dolanyşygynda işleýän elektrik stansiýalarynyň ekologik taýdan hem bähbitlidigi bellärliklidir. Energetika pudagynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň martynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Oňa laýyklykda, elektrik önümçiliginiň innowasion, hususan-da, energiýanyň Gün we ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bularyň ählisi “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu taslamalar milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmakda we düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiziň her ýylyň 3-nji noýabrynda «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda» gol çeken Permany milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşup, halal we tutanýerli zähmet çekýän ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklarynyň zähmetkeşleriniň ägirt uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň güwäsi boldy.

Şeýlelikde, gurluşyk senagatynyň we elektroenergetika pudagynyň 2023-nji ýyldaky ösüş depginlerine bagyşlanan synda getirilen maglumatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Soňky habarlar
29.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy
28.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy
28.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň duşuşygy
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.04
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
top-arrow