Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar
Teswirlemeler
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar
Çap edildi 28.02.2024
2070

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleri: ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, dürli döredijilik çärelerini, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, onlaýn tertipde ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Aşgabadyň günorta böleginde gurlan belent ýadygärlik türkmen halkynyň akyldar şahyryň we filosofyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň nyşanydyr. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik nusgawy şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň gidişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiziň teklibi esasynda bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkelleri oturdylar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilen halklaryň dost-doganlygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygynyň güwäsi bolar.

9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu ugurda professor-mugallymlaryň, edebiýatçylaryň, döredijilik işgärleriniň hyzmatynyň örän uludygy bellenildi. Bu işe daşary ýurtly raýatlar hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň döredijilik işgärlerini täze döredilen ýubileý medaly we Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 20-nji ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde hem 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe dabaralary geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi we Gündogaryň beýik akyldarynyň ýubileýi mynasybetli dürli çäreleriň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de geçirilýändigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Beýik akyldar şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär.

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Magtymgulynyň garaýyşlarynyň beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyga esaslanýandygyny bellediler. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Şahyryň edebi mirasy “siwilizasiýanyň dialogy” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp bileris. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasaty beýik şahyryň pikirleriniň, dünýä we türkmen halkynyň dünýädäki orny baradaky garaýyşlarynyň dowamydyr.

Diplomatlar şu ýyl beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini bellediler. Şunda dostlukly döwletleriň ählisi bu çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine öz goşantlaryny goşmaga we olara gatnaşmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan, eýýäm geçen ýyldan başlap, Türkiýede, Azerbaýjanda, Gruziýada, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Rumyniýada, Russiýada, Koreýa Respublikasynda, Ermenistanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada, Eýranda, Pakistanda, Hindistanda, Germaniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, filmleriň we wideoşekilleriň görkezilişleri, edebiýat agşamlary, bäsleşikler guraldy.

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ankaranyň jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň bilelikde guramagynda halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň gerimde bellenilip geçilmeginiň Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň döredijiliginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidigini nygtadylar.

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Baku şäherinde surata düşürilen «Hakyň guly — Magtymguly» atly dokumental film görkezildi.

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygaryna bagyşlanyp, «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi. Oňa gatnaşyjylar diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem, dünýä edebiýatyny hem belende göteren ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäreleriň şahyryň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine goşant goşjakdygyny aýratyn bellediler.

Şol gün Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynda hem dabaraly çäre geçirildi. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy, şeýle hem türkmen we ukrain dillerinde Magtymgulynyň goşgulary okaldy, olaryň esasynda döredilen aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Çärä gatnaşyjylara şahyryň durmuş ýoly barada gürrüň berýän «Magtymguly» atly film görkezildi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan dabaraly ýagdaýda Kiýewdäki Magtymguly adyndaky muzeýe ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni mirasynyň gymmatlyklary we dürli dillerdäki kitaplar gowşuryldy.

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky hem-de Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanalarynda mowzuklaýyn brifingler geçirildi. Olara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen döredijilik mirasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň häzirki wagtda Ýer ýüzünde giňden meşhurdygy, onuň ajaýyp goşgularynyň dünýäniň onlarça diline, şol sanda rumyn diline-de terjime edilendigi nygtaldy.

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Moskwa şäherinde türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly ýylyň şygaryna bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyny gurady. Onda Magtymgulynyň häzirki güne çenli ahlaklylygyň we watançylygyň çeşmesi, ýaş nesli terbiýelemekde deňi-taýy bolmadyk bilim mekdebi bolup durýan eserleriniň ähmiýeti barada aýratyn bellenildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň täze taryhy döwürde gazananlary barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi, şeýle hem Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň watançylyk mazmunly goşgulary okaldy.

3-nji fewralda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygaryna bagyşlanyp geçirilen duşuşykda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň adamzady jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan beýik döredijilik mirasynyň dünýä edebiýatynda we medeniýetinde eýeleýän uly ornuna üns çekildi.

8-nji fewralda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Sankt-Peterburg şäherinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk gurady. Onda ýakyn wagtda geçiriljek möhüm halkara çäreleriň hatarynda Sankt-Peterburgda Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylmagynyň, Moskwa, Kazan, Astrahan, Woronež we beýleki şäherlerde halkara ylmy maslahatlaryň, «tegelek stol» duşuşyklarynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi bellenildi.

13-14-nji fewralda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine, şeýle hem akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi geçirildi. Ol Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guraldy. Açylyş dabarasynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň 1959-njy, 1983-nji we 2014-nji ýyllarda ermeni dilinde neşir edilendigi aýratyn bellenildi.

15-nji fewralda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan ýurduň Milli kitaphanasynda «Magtymguly Pyragy — türkmen danasy, dünýäniň akyldary we şahyry» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde guralan sergi bolsa 25-nji fewrala çenli dowam etdi. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijilik ýoly hakynda wideoşekiller, Rumyniýanyň Milli telewideniýesi tarapyndan taýýarlanan, Türkmenistanyň gazananlary baradaky dokumental film görkezildi. Şeýle hem talyplar beýik nusgawy şahyryň goşgularyny dürli dillerde okadylar.

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplary üçin «Magtymgulynyň filosofik mirasy — Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy» mowzugynda okuw sapagy guraldy. Onda şahyryň goşgularynda bütin adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara we ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, adalatlylyga çagyrýandygy nygtaldy. Okuw sapagynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň goşgulary ermeni dilinde okaldy, talyplara bolsa türkmen nusgawy şahyrynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen ýazgylary ýerleşdirilen ýadygärlik neşir önümleri paýlanyldy.

Ýokarda agzalan ähli çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň häzirki daşary syýasatynda Magtymgulynyň öz döwründe wagyz eden ýörelgeleriniň hem beýanyny tapýandygy bellenildi. Onuň arzuwlary we taglymlary ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň mazmuny bilen sazlaşykly utgaşýar.

Şeýlelikde, akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler we meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň şöhratyny artdyrmaga, döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga, onuň zehininiň çuňlugyny we özboluşlylygyny açyp görkezmäge, şunuň bilen birlikde, Ýer ýüzünde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan netijeli ynsanperwer dialogy, dostluk gatnaşyklaryny, halklaryň arasyndaky düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
28.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy
28.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň duşuşygy
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.04
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
top-arrow