Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 19.03.2024
2156

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda, ählihalk derejesinde agzybirlikde geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratik ýörelgelerimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhuna laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanýan bu günki ösüşleri öz gözbaşyny halkyň halal zähmetinden, jemgyýetiň agzybirliginden, döwletiň ynsanperwer we adyl syýasatyndan alyp gaýdýar.

Siziň baştutanlygyňyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz taryhy wakalaryň we beýik özgertmeleriň şaýady bolup, hormatly Prezidentimiz, Siziň daşyňyza berk jebisleşmek bilen, ata Watanymyzyň aýdyň geljegini gurýar. Siziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek, pudaklaryň depginli ösüşini gazanmak we täze önümçilikleri döretmek ugrunda alyp barýan maksatnamalaýyn işleriňiz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly dürli desgalaryň ulanmaga berilmegi halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmaga gönükdirilen beýik işleriň nobatdaky mysalydyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşyňyzda: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýip, halka we Watana bolan söýginiň belent nusgasyny görkezdiňiz. Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäňiz agzybir halkymyzyň göwnüni galkyndyryp, mundan beýläk-de halal zähmet çekmäge bolan yhlasyny, döredijilik kuwwatyny has-da artdyrdy.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmak ugrunda alnyp barylýan ähli işler — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegi durmuş ugrunyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Şeýlelikde, Watanymyzyň sazlaşykly ösüşini, uzak möhletleýin geljegini nazara almak bilen, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ygtybarly binýat döredilýär. Ýurdumyzda Siziň ýolbaşçylygyňyzda kabul edilen maksatnamalardan ugur alýan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň dowamynda köp sanly senagat, durmuş, medeni maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň göz öňünde tutulmagy ýurdumyzda halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tagallalaryň rowaçlanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, oňyn teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolmagy, hormatly Prezidentimiz, Siziň döwletleriň, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyz parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ynanyşmagyň Watany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki mynasyp ornuny has-da berkidýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi täze taryhy döwürde demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşlere beslenip, halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň has-da artjakdygyna berk ynanýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Soňky habarlar
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.02
Türkmenistanyň köpugurly kuwwaty — durnukly ösüşiň bähbidine
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.02
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
23.02
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli duşuşyklar
23.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
22.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow