Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 23.03.2024
2100

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Podmoskowýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Biz öňden gelýän dostlardyrys hem-de köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlygyny berkitmek ugrunda tagalla edýäris. Şonuň üçin-de şeýle agyr günlerde Türkmenistanyň doganlyk goldawyna doly bil baglap bilersiňiz diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň lukmançylyk kömegini bermäge, dermanlary we beýleki zerur serişdeleri ibermäge taýýardygy beýan edildi.

Ejir çeken çagalara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýarlyk aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, dostlugyň nyşany hökmünde olary Türkmenistanda kabul edip bolar. Şunda ýurdumyzyň iň häzirki zaman lukmançylyk, sagaldyş merkezlerinde olaryň beden we ruhy taýdan sagalmaklary üçin ähli şertler dörediler. Bu ynsanperwerlik işinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähli mümkinçilikleri peýdalanylar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň uly ähmiýetini nygtady we rus tarapynyň iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmäge berk ygrarlydygyny tassyklady. Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň Türkmenistan üçin hemişe goňşy, dostlukly ýurt, strategik hyzmatdaş bolandygy we şeýle bolmagynda-da galýandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Bitarap ýurdumyzyň geljekde-de däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegini dowam etdirmäge, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, durmuş ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny aýtdy.

Iki döwletiň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruna aýratyn üns çekmek bilen, birek-biregiň diline, medeniýetine, däp-dessurlaryna, ýörelgelerine hormat goýmagyň häzirki we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ygtybarly binýady emele getirýändigini bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna Russiýanyň halkyny hemişe goldaýandygy baradaky sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow