Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
Sport
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
Çap edildi 16.04.2024
5892

Şu gün Aşgabatda dowam edýän halkara hokkeý ýaryşynyň ikinji tapgyrynyň oýunlary geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly meýdançasynda «A» toparçada «Bahrain Ice Hockey Club» bilen «Ice Box Iran Mall» (Eýran) topary oýnady.

Ilkinji döwür deň göreşde geçip, deňme-deň – 1:1 hasabynda tamamlandy. Emma soňky iki döwürde eýranly hokkeýçiler oýnuň hörpüni ele alyp, 8:1 (1:1, 4:0 we 3:0) hasabynda uly ýeňiş gazandylar.

Gyşky oýunlar sport toplumynyň kiçi meýdançasynda «B» toparçada «Akmola» (Gazagystan) bilen «Dordoi» (Gyrgyzystan) duşuşdy. Duşuşygyň barşynda gyrgyz topary üç gezek öňe saýlandy. Şeýle-de bolsa, üçünji möhletde gazagystanlylar oýny üýtgedip, zor bilen 5:3 (1:2, 1:0, 3:1) hasabynda ýeňiş gazandylar.

Şu gün irden Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Galkan» 15:1 (4:0, 1:0, 10:1) hasaby bilen Omanyň «Oman Nationals» toparyny uly tapawut bilen ýeňdi. Şol bir wagtda geçen başga bir oýunda Belarus Respublikasynyň «Wolat» topary «Team-Turkiye» türk toparyny 3:0 (1:0, 0:0, 2:0) hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, «A» toparçada iki tapgyrdan soň öňdeligi 6 utuk toplan «Galkan» eýeledi. Özbegistanyň «Feniks» we Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparlarynyň hersiniň 3 utugy bar, ýöne olar bir oýny az oýnadylar. «Bahrain Ice Hockey Club» toparynyň iki oýundan soň asla utugy ýok.

«B» toparçada iki ýeňişden soň 6 utuk toplan «Akmola» (Gazagystan) öňde barýar. «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) we «Wolat» (Belarus Respublikasy) toparlarynyň hersinde 3 utuk bar, ýöne bir oýundan soň. «Team-Turkiyede» iki ýeňlişden soň utuk ýok.

17-nji aprelde geçiriljek ýaryşyň üçünji tapgyrynda şu toparlar oýnar: «A» toparçada: «Galkan» (Türkmenistan) – «Ice Box Iran Mall» (Eýran), «Feniks» (Özbegistan) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn); «B» toparçada: «Wolat» (Belarus Respublikasy) – «Akmola» (Gazagystan), «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) – «Team-Turkiye» (Türkiýe).

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow