Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
Çap edildi 23.04.2024
2286

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!

Sizi Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler we amatly şertler üçin Fransiýa Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýärin.

Forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde, beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we netijeli işleri amala aşyrýar. Pariž şäherinde geçirilýän halkara forum hem bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam eder.

Hormatly adamlar!
Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, pudaga iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu bolsa geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Öndürilýän önümleriň hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmak, önümçilige ylmyň iň soňky gazananlaryny, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, ekologik howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Bu halkara göçme forumyň dowamynda oňa gatnaşýan hünärmenler uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň meseleleri bilen birlikde, gaz geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemegiň we gazhimiýa pudaklaryna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Nebitgaz senagatynyň, elektroenergetika, gurluşyk, senagat pudaklarynyň täze önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek barada pikir alşarlar, degişli ugurlar boýunça tekliplerini hödürlärler.

Hormatly adamlar!

Häzirki wagtda ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de gury ýerde ikitaraplaýyn bähbitli şertlerde, maýa goýumlary çekmek arkaly birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar esasynda hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Geljekde bu işleriň gerimini giňeldip, depginini güýçlendirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle hem «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşar. Şoňa görä-de, biz önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmaga, pudagy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, kämil enjamlary bilen üpjün etmäge, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, tebigaty goramaga, daşky gurşawy arassa saklamaga gönükdirilen täze halkara standartlaryň talaplarynyň doly berjaý edilmegine aýratyn üns berýäris.

Uglewodorod serişdelerini çykarmak, eksport etmek, gaýtadan işlemek, senagat kärhanalarynyň önümçiliginde metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň we bu babatda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny hem nygtamak isleýärin. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň geçen ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen nobatdaky 28-nji maslahatynda (COP28) Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etmegi bu ugurda alnyp barylýan işlerde möhüm ädim boldy.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de forumyň netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn. Siziň ähliňize alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow