Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 08.05.2024
391

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Biziň ýurtlarymyzda 9-njy maý söweş meýdanlarynda ganym duşmana garşy egin-egne berip gaýduwsyz göreşen, tylda zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyran merdana pederlerimiziň görkezen edermenligini, synmaz erkini çäksiz hoşallyk bilen hatyralaýan günümizdir. Şol agyr ýyllarda kemala gelen dostluk, birek-biregi goldamak däpleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Ýurduňyzdaky Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna hoşallyk sözlerimi we tüýs ýürekden gutlaglarymy, olara berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we doganlyk türkmen halkyny Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sene biziň ýurtlarymyzyň mizemez dostlugyny hem-de halklarymyzyň parahatçylyk, asudalyk üçin göreşde görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini, gaýduwsyzlygyny alamatlandyrýan taryhy we beýik ýeňişdir. Şol agyr ýyllarda söweş meýdanlarynda gaýduwsyz göreşen ata-babalarymyzyň edermenligini we batyrlygyny hatyralamak, uruşda gahrymanlarça wepat bolan gerçeklerimiz baradaky mukaddes ýatlamalary gorap saklamak, weteranlary aýratyn üns-alada bilen gurşap almak biziň borjumyzdyr.

Biziň asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda, dostlukda ýaşap gelýän halklarymyzyň pederlerimiziň görkezen edermenligi netijesinde gazanylan Beýik Ýeňşi mundan beýläk-de şöhratlandyrjakdyklaryna we olaryň görkezen gahrymançylygynyň, watansöýüjiliginiň mertebäniň belent nusgasy hökmünde ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde boljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we ýurduňyzyň ähli raýatlaryny Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlaýaryn. 9-njy maý biziň halklarymyzyň görkezen deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygynyň we edermenliginiň nyşanydyr. Bu gün biz söweş meýdanlarynda, tylda batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy bilen Ýeňşi ýakynlaşdyran pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligini, watansöýüjiligini, gahrymançylygyny sarpalaýarys.

Hoşniýetli dostluk, raýdaşlyk, birek-biregi goldamak däpleriniň geljekde-de Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý biziň halklarymyz üçin umumy baýram bolup, ol azatlyk we garaşsyzlyk ugrunda faşizme garşy göreşde frontçularyň, tylda zähmet çekenleriň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, gaýduwsyzlygynyň, edermenliginiň nyşany hökmünde hemişelik taryha girdi. Biz janyny pida edip, Watany goran gahrymanlarymyzyň edermenliginiň ýagty ýadygärliginiň öňünde baş egýäris, uruşda weýran bolan şäherleri we obalary täzeden dikeltmäge gatnaşanlary sarpalaýarys.

Frontda egin-egne berip, uruş ýyllarynyň agyr synaglaryndan geçen halklarymyzyň dostlugynyň we mizemez jebisliginiň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, mundan beýläk-de ösdürmek üçin hemişe berk binýat boljakdygyna pugta ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu baýram gününde Size we ähli uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! 9-njy maý ýurtlarymyzyň egin-egne berip, faşizme garşy göreşen hem-de geljek nesilleriň parahat durmuşyny, erkinligini gazanan halklaryny jebisleşdirýän senedir. Biziň halklarymyzyň jebisligi bu Ýeňşi gazanmaga mümkinçilik berdi. Watanymyzyň gahrymanlarynyň görkezen gaýduwsyzlygy we mertligi hakydamyzda hemişelik galar. Biz olaryň öňünde borçludyrys, olaryň edermenligi baradaky ýagşy ýatlamalary kalbymyzda saklap, şeýle pajygaly wakalaryň gaýtalanmagyna ýol bermeli däldiris.

Belarusuň we Türkmenistanyň halklarynyň uruş ýyllarynyň agyr synagyndan geçen dost-doganlygynyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
20.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
20.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 668 müň dollaryndan gowrak boldy
20.05
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
20.05
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
19.05
Türkmenistanyň Prezidenti El-Salwador Respublikasynyň Prezidentini gutlady
19.05
Onuň Alyhezreti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany jenap R.N.Minnihanowa
18.05
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
18.05
Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çärelere gatnaşdy
18.05
Magtymgulynyň mirasy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir
18.05
Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti
top-arrow