Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Onuň Alyhezreti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany jenap R.N.Minnihanowa
Syýasy habarlar
Onuň Alyhezreti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany jenap R.N.Minnihanowa
Çap edildi 19.05.2024
1642

Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Ilki bilen, dostlukly Tatarystana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryny häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan berk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň gatnaşyklarymyz medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, däp-dessurlarymyzyň meňzeşligine, özara düşünişmäge esaslanýar. Ýokary derejede ýola goýlan ynanyşmak gatnaşyklary hyzmatdaşlygymyzyň ösüşine hemişe ýardam edýär.

Ajaýyp Kazan şäherine baran pursadyndan türkmen wekiliýeti gyzgyn hem-de mähirli garşy alyndy. Biziň duşuşyklarymyzyň netijesi, özara gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi bermäge hyzmat eder. Şeýle-de maňa «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» halkara ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde geçirilen her ýylky «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşyp, onda çykyş etmek miýesser etdi. Bu çärä köp sanly döwletleriň, dini we işewür toparlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagy Russiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan gural hökmünde Tatarystana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.

«Russia Halal EXPO» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli sergisiniň guralandygyny hem-de ol ýerde biziň ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň gazanan üstünlikleriniň görkezilendigini bellemek gerek. Netijeli gepleşikleri geçirmek we Tatarystanyň öňdebaryjy oýlap tapyşlary bilen tanyşmak üçin türkmen wekiliýetine hemmetaraplaýyn ýardam berildi.

Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Biz Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Şu gezekki saparyň türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň taryhynda möhüm ädim boljakdygyna berk ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size hem-de Tatarystanyň ähli halkyna meni we türkmen wekiliýetini mähirli kabul edendigiňiz, myhmansöýerligiňiz, saparyň dowamynda ähli çäreleri ýokary derejede gurandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow