Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Çap edildi 24.05.2024
2161

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň Premýer-ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de Gazagystanyň Baştutanyna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň ýurdumyza ilkinji saparynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle duşuşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny, gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga uly mümkinçilik döredýändigini aýdyp, bu çäräniň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna esaslanýan, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, umumy medeni, taryhy gymmatlyklara esaslanyp, sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýdular. Ýurtlarymyzyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigine aýratyn üns çekildi. Ulag-logistika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugurda bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy oňyn hyzmatdaşlygyň anyk netijelerini görkezýär. Ulag ulgamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň hem-de beýleki goňşy sebitleri ösdürmegiň esasy guralyna, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugry boýunça ykdysady taýdan goşulyşmagyň we hyzmatdaşlygyň möhüm şertine öwülýär.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Özara Medeniýet günlerini, festiwallary guramagy dowam etdirmegiň, döredijilik, ylmy işgärleriň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bu ugurdaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda, şol sanda Gazagystanda hem giňden bellenilýändigi nygtaldy.

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri ýakynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy barada aýtmak bilen, ol ýerde meşhur gazak halk sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň hem ýadygärliginiň ýerleşdirilmeginiň halklarymyzyň dost-doganlygynyň, okgunly ösýän medeni gatnaşyklaryň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow