Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 20.06.2024
1705

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Bolgariýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiziň adyna iberen mähirli salamyny ýetirdi we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda jenap Ruslan Stoýanow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu strategiýa parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, ýurdumyzyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýar.

Diplomata Mejlisiň düzümi we onuň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara dostluk toparlarynyň bilelikdäki işleri hem şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça, şol sanda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändikleri bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Şunda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy. Bilim, ylym, medeniýet ulgamlary boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek meseleleri-de gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat özüne ynanylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek bilen, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ruslan Stoýanowy Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de ilçiniň Bolgariýa Respublikasynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Rumen Radew,

Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
23.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
22.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
21.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýusy
21.02
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
21.02
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek işi dowam edýär
21.02
«Kompozitor» filminiň nobatdaky halkara üstünligi
20.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow