Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Çap edildi 25.06.2024
2141

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymy däplerini özünde jemleýän, dürli öwüşginli tanslary bilen diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde-de çykyş edip, milli medeniýetimiziň ajaýyp däplerini şöhratlandyrmaga uly goşant goşup gelýär. Ýaş ýigitlerdir gyzlaryň milli saz gurallarynyň gaýtalanmajak owazy astynda ýerine ýetirýän ruhubelent tanslary her bir sungaty söýüjini özüne maýyl edýär. «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynda sazandalar, tansçylar, tutuş topar üçin has ýokary şertlerde döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikler döredildi. Bu sungat ojagyndaky döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tans zallary her bir sungat işgäriniň döredijilikli işlemegine hem-de döretmegine giň ýol açar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň gazanylan günlerinde döredilen bu toparyň şöhratly menzilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha rowaç alýar. Onuň 100-den gowrak aýdym-saz we tans eserleri bilen dünýäniň dürli künjeginde — Türkiýe, Gresiýa, Italiýa, Ispaniýa, Malta, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Belgiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Hytaý, Nepal, Hindistan, Eýran, Pakistan ýaly döwletlerde türkmen sungatynyň daşary ýurtly muşdaklarynyň tüýs ýürekden alkyşlaryny gazanmaklary hem munuň aýdyň güwäsidir. Toparyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň joşgunly aýdymlarynyň ajaýyp tanslardaky sazlaşygy türkmen sungatynyň gözelligini açyp görkezýär.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde ägirt uly orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýan, olary beýik işlere ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar. Munuň şeýledigini türkmeniň baý medeni mirasynyň, halk aýdym-sazlarynyň mümkinçiliklerini ýokary ussatlyk derejesinde ýerlikli ulanmagy başarýan «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans toparynyň merdana halkymyzyň beýik geçmişi hem-de şöhratly şu güni bilen aýrylmaz baglanyşygyny milli lybasly ýerine ýetirijileriň täsin tanslary arkaly älem-jahana äşgär etmeginde hem aýdyň görmek bolýar. Ilkinji nobatda, bu topar türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny has-da ösdürmegi, halk döredijiligini kämilleşdirmegi, oňa döwrebap öwüşgin çaýmagy, ony wagyz etmegi we dünýä ýaýmagy maksat edindi. Şoňa görä-de, döredilen gününden başlap, özboluşly milli ýoly saýlap aldy. Halk aýdym-sazlarydyr folkloryň esasynda goýlan tanslar bu döredijilik toparynyň barha uly abraýa eýe bolmagyna itergi berdi. «Dokmaçylar» toparynyň ençeme agzasy Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp boldy. Olaryň aglabasy bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileridir.

Dabara gatnaşýan hormatly adamlar!

Gadyrly dostlar!

Döredijilik işgärleri üçin bu sungat merkeziniň gurulmagy milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň baýlaşmagyna hem-de mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegine möhüm şert döreder. Sizi «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekde alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
top-arrow