Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Çap edildi 15.08.2024
2471

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, köpugurly hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.


Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow