Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan ählumumy ekologik meseleleri çözmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýär
Teswirlemeler
Türkmenistan ählumumy ekologik meseleleri çözmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýär
Çap edildi 26.08.2024
727

Watanymyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak hem-de artdyrmak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ekologik ugurly ykdysadyýeti, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmegiň döwrebap nusgasyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça başyny başlan işleri häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Energiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek tutuş adamzady tolgundyrýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biridir.

Ministrler Kabinetiniň 19-njy iýulda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Meýilnamanyň taýýarlanylýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabr aýynyň birinji ýarymynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine bu ulgamda ýokary tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan maýa goýumlary çekmek maksady bilen, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek baradaky teklip beýan edildi.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren «Hazar ekologik başlangyjy» ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu başlangyç Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek ugrunda ähli Hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin täze halkara meýdançany döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyz beýan edilen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, bu ugurda ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, Tokaý kodeksi kabul edildi. 13-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda garalan beýleki kanunçylyk namalarynyň hatarynda “Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” Kanunyň kabul edilendigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigine halkara hyzmatdaşlygyň çäginde taýýarlanylan “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanalarynyň, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de onuň “Ýerajy” çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn ekologik ähmiýeti bolan tebigy ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy-da muňa mysaldyr.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamagy ata Watanymyzy mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň geoykdysady we geosyýasy ýerleşişiniň amatlyklaryndan peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ähli ugurlarda “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek maksatlary onuň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Ýurdumyzda kabul edilen durmuş-ykdysady we pudaklaýyn maksatnamalarda, durmuşa geçirilýän taslamalarda ekologik abadançylyga aýratyn üns berilýär. Täze önümçilik toplumlarynyň gurluşygynda, ozal bar bolan desgalar döwrebaplaşdyrylanda öňdebaryjy tehnologiýalar, daşky gurşawa zyýany aradan aýyrmaga mümkinçilik döredýän tehniki çözgütler ulanylýar.

Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleriniň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde häzirki zaman arassalaýyş enjamlary hereket edýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Garabogazkarbamid” zawodynyň, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodynyň we beýleki birnäçe toplumlaryň abraýly halkara guramalaryň önümçiligiň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamalaryna eýe bolmagy buýsançlydyr.

Ýurdumyzyň hünärmenleriniň, halkara bilermenleriň baha bermegine görä, Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologik taýdan has arassa hasap edilýär. Munuň özi bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreleriň oňyn netijesidir. Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ol bu sebitiň şypahana mümkinçiliklerini peýdalanyp, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge gönükdirilendir.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Netijede, şu ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan döwrebap suw arassalaýjy desga, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Suw serişdelerini tygşytly ulanmak üçin döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ähli künjeklerinde degişli ulgamy döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler dowam etdirilýär. Şeýle-de şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda we Gyzylarbat şäherinde, Mary welaýatynyň Tagtabazar, Türkmengala etraplarynda suw arassalaýjy desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Arid zolagynda ekerançylygyň we suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen, ýurdumyz bu ulgamdaky ylmy barlaglaryň öň hatarynda çykyş edip, beýleki döwletleri hem suw gorlaryna tygşytly çemeleşmäge çagyrýar. Şunda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň möhüm ähmiýeti bar. Merkezi Garagumda döredilen bu täsin suw desgasy Garagum sährasynyň howa gurşawynyň gowulanmagyna ýardam edip, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň oňyn özgermegine getirýär. Aral deňzi sebitiniň durmuş-ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem çäreleriň giň toplumy amala aşyrylýar.

Diňe bir durmuş-ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly meýdança hökmünde täze Arkadag şäherini mysal getirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen baglanyşyklydyr. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär, daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar. Şäherde sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy, desgalaryň gurluşygynda bolsa ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy.

Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “EсoPorts” güwänamasynyň berilmegi Türkmenistanyň ÝHHG bilen ekologiýa ýaly möhüm ugurdaky gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýediginiň mysalydyr. Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň 5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçiren duşuşygynda-da ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek gerek. Şondan bir gün öň, 4-nji martda paýtagtymyzda ÝHHG-niň ýolbaşçysynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ekologiýa, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bagyşlanan ýokary derejedäki duşuşygy geçirildi.

6-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň BMG bilen dürli ugurlarda, şol sanda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologik meseleler ýaly möhüm ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Diýarymyzda gerimi boýunça ägirt uly tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy umumydünýä tagallalaryna goşulýan ägirt uly goşantdyr. Häzirki wagtda Watanymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary emele geldi. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, halkymyzyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän we beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere beslenýän şu ýylda dabaraly ýagdaýda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem Aşgabadyň gözel künjekleriniň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahaly ekiler.

Bu gün Diýarymyzyň tebigaty goramak boýunça toplan tejribesine tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Ýurdumyzyň iri ekologiýa forumlaryny geçirmek üçin ençeme gezek saýlanyp alynmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň başlangyçlarynyň “Ýol kartasy”: ýaşlar howa boýunça hereketler ugrunda çykyş edýärler” atly “tegelek stol” maslahaty guraldy. Çäräniň esasy maksady “Ýol kartasynyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite meýdançany döretmekden ybarat boldy.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy maslahat we “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şeýle-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat guraldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat ylmy jemgyýetçiligiň durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy. Forumlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz we ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler döredilýär.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parky tarapyndan “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak Maksatnamanyň esasy wezipesidir. Şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek, ekologik meseleleri çözmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, toplan tejribesi we mümkinçilikleri maý aýynyň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara serginiň diwarlyklarynda-da giňden şöhlelendirildi.

Amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orny eýeleýär.


Soňky habarlar
13.11
«Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara
12.11
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
11.11
Türkmenistanda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy badalga aldy
11.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa gatnaşyjylara
10.11
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
10.11
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
09.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
top-arrow