Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 26.09.2024
2021

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda “John Deere” kompaniýasynyň biziň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygy nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä belli kompaniýanyň wekilini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Şu şatlykly günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýurdumyzda bolýandygy örän buýsançlydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda oba hojalygy pudagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu pudak yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, önümçilik kuwwaty giňeldilýär, innowasion işläp taýýarlamalar, ýokary tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar. Türkmenistan halkara işewür toparlaryň esasy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.

Duşuşygyň dowamynda amerikan kompaniýasynyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy. “John Deere” kompaniýasynyň ekiş we hasyl ýygnamak üçin ulanylýan enjamlarynyň ýurdumyza yzygiderli getirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olar oba hojalygynda netijeli peýdalanylýar we ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ulanmak üçin netijelidigini görkezdi.

Pudaga degişli ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygyň aýratyn ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Türkmenistan öz tarapyndan “John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berer hem-de ony ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, “John Deere” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow