Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Çap edildi 24.10.2024
2284

Şu gün Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ikiçäk duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Antoniu Guterrişi Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we şu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary gutlaglardyr hoşniýetli sözler, şu ýylyň iýulynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolan Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy ugry kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen we ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Şunda hut ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl birnäçe şanly wakalara, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslener.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de bu gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde — Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz dünýä ösüşiniň ählumumy meselelerini çözmegiň möhümdigini belläp, türkmen tarapynyň netijeli dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwrüň wajyp meselelerini çözmäge başlangyçly çykyş edýändigi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyzyň XVI BRICS sammitiniň mejlisinde beýan eden teklipleriniň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow