Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 30.10.2024
2104

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Premýer-ministr wezipesine bellenilmegim mynasybetli iberen gutlagyňyz we hoşniýetli sözleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Ýaponiýanyň hem-de Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda dostluga, ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklap gelýändiklerine begenýärin. Siziň Alyhezretiňiziň saldamly goşandyňyz, şol sanda Ýaponiýa amala aşyran saparlaryňyz ýurtlarymyzyň arasyndaky, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Alyp barýan işiňiz üçin Size tüýs ýürekden hormatymy beýan etmek isleýärin.

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň Alyhezretiňiz bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärin.

Sigeru ISIBA,

Ýaponiýanyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow